Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«MAGTYMGULY PYRAGY, KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY» ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda  «Magtymguly Pyragy, köňülleriň çyragy»  atly  döredijilik duşuşygy  geçirildi.

Geçirilen döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri O.Çaryýewa, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory O.Oraztaganowa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap bagçylyk müdirliginiň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy B.Öwezow,  Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň hünärmenleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary B.Seýranow we N.Goçmedow, şeýle hem H,Hümmedowa, “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň hünärmenleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary D.Annaberdiýew we G.Babaýewa dagylar gatnaşdylar.                                      

Şu döredijilik duşuşygy ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizilmegi halkymyz üçin şanly waka bolandygy,Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkyň kalby hem-de ruhy baýlygydy, şeýle-de, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi,  «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungaty we dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi, bu bolsa biziň dünýäde alyp barýan giň gerimli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrundaky anyk işleriň aýdyň netijeleridigi, häzirki döwürde Aşgabady ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna «Dizaýn» ulgamy boýunça girizmek, «Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny», «Türkmen keçe sungatyny», «Türkmen demirçilik senedini», «Türkmen tazysyny we elguş sungatyny», «Türkmen milli göreşini» hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli çäreler geçirilýändigi barada çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.