Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWLETI HEM, HALKY HEM BEÝGELDÝÄN YNSANLARDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly maşgalalaryň arasynda Gahryman  Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden joşup çykan “Ömrümiň manysy” atly kitaby esasynda  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden “Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden “Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirilip, ol uly ruhubelentlige beslendi. Gahryman  Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden joşup çykan “Ömrümiň manysy” atly kitabyna esaslanyp geçirilen bäsleşige Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýeňiji bolan toparlar gatnaşdylar. 

Ajaýyp Diýarymyzyň  dünýä nusgalyk ösüşlerini dabaralandyrmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly gymmatly kitabyny wagyz etmegi,  onuň many mazmunyny halk köpçüligine, her bir maşgala we maşgala agzalaryna ýetirmekligi maksat edinen bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşanlar şertlere laýyklykda berilen wagtyň içinde eserden bir bölegi labyzly okadylar, sahnalaşdyrdylar we milli däp-dessurlaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşanlar Diýarymyzyň hem-de halkymyzyň eşretli durmuşy barada aladalanýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny we alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.