Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MEDENIÝET GÜLLEÝÄR — DÖWÜR GÜLLEÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeni syýasaty durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär. Medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, baýlaşdyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny halkara derejede wagyz etmek meselelerine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Munuň şeýledigini bu ulgamda durmuşa geçirilýän işleriň, ýetilen sepgitleriň mysalynda hem görmek bolýar.

Agzybir halkymyzyň medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde Watana, halal zähmete, ene-ata, il-güne söýgini artdyrmakda medeniýet ulgamynyň işgärleriniň borjy örän ýokarydyr. Şol borja wepaly bolan, milli däp-dessurlarymyzyň dikeldilmeginde, ozaldan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň dowam etdirilmeginde medeniýet işgärleriniň alyp barýan işleri netijeliligi bilen tapawutlanýar. Muňa biz her pursatda göz ýetirýäris. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi, bu baýramçylyga gabatlanylyp, her ýylda welaýatlarymyzyň birinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň üçinem döwrümiziň gülläp, gül açmagy, ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, bu ajaýyplyklary wasp etmekde, öz zehinlerini açyp görkezmekde medeniýet we sungat işgärlerine hemme şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri asla egsilmeýär.

 

Täzegül Nadyrowa,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy.

Balkan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.