Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK IŞLERIŇ HALKARA YKRARNAMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty belent derejelere göterilýär. Ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Asyrlaryň synagyndan geçen asylly ýörelgeler ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni we beýleki ugurlardaky gatnaşyklarynda, parahatçylygyň hem ösüşiň hatyrasyna ýöredýän diplomatiýasynda, öňe sürýän oňyn başlangyçlarynda we tekliplerinde has-da aýdyň ýüze çykýar. Ata Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň dabaralanmasy bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilmegi, döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanmagy “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň halkara ykrarnamasydyr.

 

Azat Annaýew,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Balkan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.