Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BILIMLI NESIL — KUWWATLY WATAN

Döwletimizde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk getirmek, elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy.

Eziz Diýarymyzda ýurduň durnukly ösüşine hem dünýä ykdysadyýetine saldamly goşant goşjak mynasyp ýaş nesli kemala getirmäge uly üns berilýär. Köpçülikleýin sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, döwrebap çagalar baglarynyňdyr orta mekdepleriň dowamly gurlup, ulanylmaga berilmegi hut şol maksatlary nazarlaýar.

«Adam aňyndan belli, kerwen — jaňyndan», «Alym bolsaň, älem seniňki» diýen parasatly jümleleri bize miras goýan merdana pederlerimiziň geçen nusgalyk mekdebi ýaş nesle ýol-ýörelge, görüm-göreldedir. Ata-babalarymyzyň zehin eleginden geçen halypa-şägirtlik ýolunyň dowamata beslenip, ozal gazanylan tejribeleriň häzirki döwrüň talaby bilen utgaşyp, kämil ugruň kemala gelmeginde yhlasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolup, ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de öňe ilerletmekde alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Azatgeldi SÄHEDOW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Serdar şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy.

Balkan gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.