Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENIŇ RUHY HAZYNASY

Milli medeniýet halkyň ýüzüniň tuwagydyr, ruhy baýlygydyr, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bolsa, türkmeniň ruhy täjidir. Her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň möçberli baýramçylyk dabaralary toýlary toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda häzirki döwrümiziň ruhy ahwalyny, türkmeniň ruhy dünýäsiniň köp öwüşginli gymmatlyklaryny alamatlandyrýar. Bu ýyl baýramçylyk dabarasy gözel paýtagtymyz Aşgabadyň taryhy merkezinde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyndan başlady. Bu şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasynda» ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Medeniýet we sungat baýramyna bagyşlanan baýramçylygyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň içinden milli medeniýetimize, ynsanperwer ýörelgelerimize mahsus bolan gymmatlyklar eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän agzybirlik, berkarar döwlet, erkinlik, adalatlylyk, bir başa gulluk etmek, asudalyk ýaly ruhy ýörelgeleri türkmen halkynyň köňül nagşy bolup, nesillere geçipdir.

Ahal ýaýlasynda şanly toýuň şanyna guralan baýramçylyk konsertinde şöhratly taryhymyzy, baý medeniýetimizi, milli mirasymyzy hem-de häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri şöhlelendirýän aýdym-sazly çykyşlar belentden ýaňlandy. Çeper döredijiligiň, milli sungatyň, medeniýetiň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň döreden — «Leýlisaç barada rowaýat», «Ak güllerim saňa», «Ýadymda», «Bagt nury» diýen aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi konserte aýratyn öwüşgin berdi. Konsertde oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama» aýdymy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere özboluşly alkyş bolup ýaňlandy.

Halkymyzyň medeniýeti, sungaty, halk döredijiligi nesiller tarapyndan aýawly saklanylýar we baýlaşdyrylýar. Akyldar şahyryñ döredijiligi bolsa, medeniýet ulgamynyň ruhy täji bolup, asyrlarboýy özboluşly terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Ol pikirler ähli döwürlerde hem öz gymmatyny ýitirenok. Şahyr öz döredijiliginde agzybir türkmen döwletini gurmak, mukaddes topragy, ata Watany bütin durkuň bilen söýmek, ata-enäni hormatlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, mätäje kömek-goldaw bermek, ylymly-bilimli, edep-ekramly bolmak, ynsanperwerlik, söýgi, ynsan mertebesi, maşgala terbiýesi, sagdyn durmuşy alyp barmak ýaly meselelere yzygiderli ýüzlenipdir.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň hakydasynda hemişelik orun alan şahyryna goýýan sarpasyndan nyşandyr. Heniz çagalyk döwründen Magtymgulynyň şygyrlary bilen ösüp-ulalan, ylham we ruhy güýç alyp kämilleşen şahsyýetler öz döredijiliklerinde, ýaşaýyş gurşawynda ýagşy at, mynasyp yz galdyrmaga çalyşýarlar. Şol ruhy güýç bilen täze eserleri döredýärler, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz edýärler. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen, türkmen milletiniň ruhy häsiýetini tanamak bolýar, bu hem onuň döredijiligine halkylyk çaýýar. Bu milli ruhy häsiýetler bolsa umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşyp, dünýä medeniýetiniň öçmez sahypalaryny düzýär.

 

Oguljennet ALLAMYRADOWA,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Ahal durmuşy gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.