- TM
- RU
Daşoguz şäherine gol berip oturan sapaly ýerde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry şatlyk-şowhuna beslenýär. Golaýda bu merkezde dynç alýan sporta höwesli ýaşlaryň ruhubelentligini artdyrmak maksady bilen, «Bagtyýar nesiller «Bagtyýar nesilde» diýen at bilen bäsleşik guraldy. Ony welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirligi bilen Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşi bilelikde gurady.
Bäsleşikde dürli ýaşdaky çagalar sportuň tanap çekmek, şaşka, futbol ýaly görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Sport ýaryşlary diýseň täsirli geçdi. Çagalar «Şatlyk» hem «Şowhun» atly toparlara bölünip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gülnara ÝULDAŞEWA, «Daşoguztelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Türkmen sporty gazeti
***
Golaýda Akdepe etrabynyň 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde basketbol boýunça 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda «Kümüş halka» atly sport ýaryşynyň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.
Çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna Akdepe etrabynyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň topary, 2-nji orna Akdepe etrabynyň 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň topary, 3-nji orna Gubadag etrabynyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň toparlary mynasyp boldular.
Ýeňijilere Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we Akdepe etrap 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Aýdogdy AŞYRGELDIÝEW, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň usulyýetçisi, KA-nyň işjeň agzasy.
Türkmen sporty gazeti.