- TM
- RU
Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi «2021-2025- nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň» maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça welaýatyň birinjiligini geçirdi. Ýaryşa welaýatyň etraplaryndan gelen toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda toparlaýyn çykyşda Tejen etrabyndan Şöhrat Hydyrgulyýew, Tamarguly Togtanow, Gültäç Gurtmyradowa 1-nji orny eýelediler. Bäherden etrabyndan doganlar Muhammetberdi we Muhammetgeldi Kuwwatberdiýewler hem-de Ajaýyp Ýaranowa 2-nji orna, Ak bugdaý etrabyndan Soltan Amanow, Aýmyrat Kakaýew, Medine Jepbarowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Hurmagül GARAMÄMMEDOWA, Bäherden etrabynyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.