Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GÖKDERE — ÇAGALARYŇ KÜÝSEGI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde medeni dynç alyş-sagaldyş çäreleri geçirildi. «Salkyn saýaly Gökdere — çagalaryň küýsegi» ady bilen geçirilen çärelere ol ýerde dynç alýan çagalar höwes bilen gatnaşdy.

«Gökdere meniň gözüm bilen» atly surat bäsleşigine gyzyklanma uly boldy. Bäsleşige gatnaşan çagalar dag jülgesiniň täsinliklerini dynç alşyň şadyýan pursatlaryny özleriniň surat eserlerinde şöhlelendirdiler. El hünärine degişli işleriň, şeýle-de guradylan dag ösümliklerinden ýasalan dürli şekilleriň sergi-bäsleşigi hem özüne çekijiligi bilen gyzyklanma döretdi.

Merkeziň sport meýdançalarynda sportuň tanap çekmek, şaşka, kiçi futbol, hereketli oýunlar boýunça guralan ýaryşlar çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigini äşgär etdi. Bu ýaryşlar güýçli toparlary öňe saýlady.

Welaýat we Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanalarynyň kitap sergisi bilen tanyşmak has-da ýakymly boldy. Kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti hakda çagalara täsirli gürrüň berdiler, şeýle-de türkmen halk ertekilerini özünde jemleýän kitaplaryň many-mazmuny barada durup geçdiler.

Medeniýet merkezinde geçirilen aýdym-sazly dabara şol günüň çäreleriniň üstüni ýetirdi. Ak bugdaý etrabynyň wäşileriniň degişme sahnalary, şeýle-de «Gülle, ýaşlyk!», «Ak telpek» çagalar tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary ýaş nesliň göwnüni galkyndyryp, ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi.

Turuwbaşdan ýakymly täsirlere beslenen çärä we sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşan çagalaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

 

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri. SURATLARDA: çäreden pursatlar.

Ahal durmuşy gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.