Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

« VI HAZAR SAMMITI-TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA» ATLY AÝDYM-SAZLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilelikde gurnamaklarynda « VI Hazar sammiti-täze ösüşlere badalga» atly aýdym-sazly maslahaty geçirildi.

Şu aýdym-sazly maslahaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni P.Meretliýew  alyp bardy.

Bu maslahat 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň jemlerine bagyşlanyp, oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  Halk Maslahatynyň Halkara meseleleri baradaky komitetiniň agzasy Ý.Ataýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiň agzasy, deputat S.Durdyýew,  Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri W.Öwezow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy S.Ataberdiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy P.Çaryýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy B.Baýramow dagylar  gatnaşyp çykyş etdiler.

Bu maslahatyna gatnaşanlaryň ählisi 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda hem paýtagtymyz Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň dabaraly geçirilendigi, Aşgabat sammitiniň gün tertibinde bolsa ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň uly toplumy girizilendigi, şeýle hem, forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini öz çykyşlarynda aýratyn belläp geçdiler.

Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýändigi, şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi,  Hazar sebiti taryha, medeniýete, dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet beren sebit hökmünde bellidigi, özüniň möçberi, ösüş taryhy boýunça Hazar deňzi dünýäde iň uly suw basseýni hasap edilýändigi, aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän mawy deňze Wolga, Emba, Ural, Terek, Kura, Sulak hem-de kiçi derýalar guýýandygy, galyberse-de, relefiniň häsiýeti we gidrologik aýratynlygy boýunça ol Demirgazyk, Orta hem-de Günorta böleklere bölünýändigi, Deňziň Gazagystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran we Russiýa Federasiýasynda kenary bardygy, Gojaman Hazarda ýük daşamak ulgamynda halkara ähmiýete eýe bolan birnäçe iri portlar ýerleşýändigi, olar ýurdumyzdaky Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Azerbaýjanyň Baku porty, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň porty, Gazagystanyň Aktau porty hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli we Neka portlary bolup, Hazar deňziniň çuň gatlaklary özünde kalsiý karbonatlaryny saklaýan alewrolit we gyrmança çökündilerinden ybarat bolan, düýbünde nebit we gaz känleri bardygy hem-de maglumatlara görä, dünýäniň nebit gorunyň 4 göterimi, tebigy gaz gorunyň 6 göterimi Hazardadygy, Garabogaz aýlagy bolsa mirabilit duzuna baýdygy, ol ýerde asyrlaryň dowamynda toplanyp, gatlak-gatlak, tokga-tokga bolup duran duzlar giň profil ähmiýetlidigi barada täsirli çykyşlary etdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni işewürlik merkeziniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirilmeginde aýdym-sazly gyzykly çykyşlary hem gurnaldy.

 

Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.