- TM
- RU
TKA-nyň Bäherden etrap birleşmesi, TMÝG-niň Bäherden etrap geňeşi, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda woleýbol boýunça bäsleşik geçirildi. «Türkmenistan – sagdynlygyň mekany» ady bilen geçirilen bäsleşikde «Ýyldyz» topary birinji, «Galkynyş» topary ikinji, «Berkarar» topary hem üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ogulmaral SÖÝÜNOWA, TKA-nyň Bäherden etrap birleşmesiniň işgäri.
Türkmen sporty gazeti.