Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ HALKARA ÄHMIÝETLI BAŞLANGYÇLARY: ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik  partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi,  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde gurnamaklarynda  “Hormatly Prezidentimiziň halkara ähmiýetli başlangyçlary: ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk”  atly  maslahaty geçirildi.    

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik  partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiriniň orunbasary D.Hydyrow alyp bardy.  

Maslahata  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy E.Ataýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy K.Geldiýew, Türkmenistanyň Demokratik  partiýasynyň Ahal welaýat   komitetiniň bölüm müdiri A.Erniýazow,Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy M.Ataýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy B.Baýramow, Türkmenistanyň magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni B.Ahmedow dagylar gatnaşyp çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşanlaryň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe   Türkmenistanyň bitaraplyk we parahatçylygy söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty biziň ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygy, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň baş maksady bolsa biziň döwletimiziň asuda we durnukly ösmegi üçin doly amatly daşarky şertleri döretmekden ybaratdygy, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanadyp, parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ählumumy ykrar edilmegine eýe bolan biziň ýurdumyz sebit hem-de halkara ähmiýetli möhüm meseleleri çözmekde uly orny eýeleýändigi, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary we teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrülendigi barada çykyş etdiler.

 

 Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.