- TM
- RU
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýdyň ýol bilen belentliklerden –belentliklere barýan Watanymyz pajarlap ösýär. Öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň şu günlere gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr.
Halkymyzyň şöhratly taryhyny,gaýduwsyz gahrymançylygyny,gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasatly zenanlar öz nepis keçeleriniň öçmejek güllerine siňdirip, gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetiripdirler.
Türkmen öýleriniň bezegi bolan türkmen milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyza galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Toý mekany” zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Gülüň owadan!” atly bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şertleri boýunça türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri (ýüň saýlap almak we saýmak, ýüňi daramak,boýamak,pişge ýaşamak,keçäniň gamyşyny dokamak we ş.m.) ýerine ýetirilip görkezildi.
Zenanlar öz welaýat aýratynlyklaryna görä, gadymy milli nagyşlary: “Ak tüýnik”, “Gyzyl tüýnik”, “Gözenek”, “Saýlanan”, “Gülýaýdy”, “Sekiz goşak”, “Gelinbarmak”, “Öküz oňurga”, “Gonjuk”, “Hindi goçak”, “Içýanagzy”, “Tazy guýruk”, “Saýlap”, “Barmak” we başga gülleri salyp keçe güllediler.
Şeýle hem, bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda dürli görnüşli keçe önümlerinden sergi gurnaldy. Olaryň içinde gadymy milli nagyşlar salynan keçelerden başlap, Berkarar döwletiň döwrebap, gözel tebigaty bilen baglanyşykly täze nagyşlary we şekilleri suratlandyrylan keçeler görkezildi.
Ýeňijiler we bäsleşige işjeň gatnaşyjylar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp boldular,
Ýörite habarçymyz.