Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PAÝHASLY DOGANLAR

Tymsal

 

Uzak ýerlerden iki tebip dogan, türkmenlere tebipçilik etmäge gelipdir. Bir obanyň bäri çetinde gawun-garpyz dümesini saklap oturan gojadan obanyň ýagdaýyny öňünden bilmek maksady bilen oňa habar gatypdyrlar. Salam-helikden soň, olar:

— Agam, bizi Taňry myhmany alarmysyňyz — diýipdirler.

Onda goja:

— Geliň, geliň, Taňry myhmanyna gözüm üstünde orun bar — diýip, olara gara gadyr goýupdyr.

Goja olary çatmasyna salyp, çaý-suw aladasy bilen bolupdyr. Myhmanlaryň öňünde çaý goýansoň:

— Ýigitler, siz bir käse çaý içýänçäňiz, hol obaň bäri çetinde öýüm bar, kempir tamdyra nan ýapandyr, öňüňize goýar ýaly ýyljak çörek alyp geleýin, aýyplaşmaweriň — diýip, myhmanlardan rugsat alyp, öýüne gelipdir-de, tamdyrdan ýaňy çykan çörekli saçagy getirip, myhmanlaryň öňünde goýupdyr. “Tomsuň yssysynda şundan gowy zat bolmaz” diýip, ullakan garpyzy iki bölüp, hersiniň öňünde bir pellesini goýupdyr.

Ala gün düşüp duran çatmanyň içinde köz ýaly garpyz bilen ýyljak çörekden iýip bilenini iýip, agzy gowşan myhmanlar özlerine gelip, iýen nanlaryny, boşadan pellelerini görüp, bir - birlerine soragly nazarlaryny dikip, siňriklerini ýygrypdyrlar. Bu ýagdaýa düşüş goja:

— Näme, ýigitler, iýeniňizi köp görýärsiňizmi? Ýok, köp däldir, iýiberiň, bu tagam hiç wagt aşa salmaz. Garpyz şonuň ýaly nygmatdyr. Iýdigiňçe janyňa hoş ýakar. Ýyly nan bilen garpyz, sowuk nan bilen sogan iýseň, garnyň ölçegini bildirmezek bolýar-da — diýip, garpyzyň ýokumy barada gürrüň beripdir.

Öňlerinde goýlan nygmatdan boldum edip, birsalym oturanlaryndan soň myhmanlaryň ulusy dillenipdir:

— Aý, inim, bu obanyň iýýäni bu nygmat bolsa, ikimiziň bu oba baryp oturasy işimiz ýok. Sebäbi beýle nygmat iýýän halk aşgazan we iç keselleri bilen kesellemez — diýip, garpyza uly baha beripdir. Onda kiçisi:

— Agam, munuň çigdini hem iýýärlermi? diýip, gojadan sorapdyr.

— Hawa, onda-da mäkäm gaýnadyp, soň güýmenjelik üçin çigitleýärler — diýip, goja gaýnadylan garpyz çigidini olara hödür edipdir.

Garpyz çigitlerinden dadyp gören myhmanlaryň kiçisi:

— Eger şuny aşgazanlaryna rowa görýän bolsalar, onda bize bejererlik kesel bu obada bardyr — diýipdir. Diýmek, çigit çigitlemek, garyn doýurmak däl-de, aşgazana agram salmak, özüňe kesel kabul etmek eken.

 

Meretgeldi ATABAÝEW.

Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.