Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAPALY KÜNJEGIŇ ŞATLYGY

Şu günler bagtyýar ýaş nesliň tomusky dynç alyş möwsüminiň netijeli guralyşyny synlanyňda, ýurdumyzda çagalar baradaky aladanyň döwlet syýasatynda uly ähmiýete eýedigini görýärsiň. Bu «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatymyzda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen giň mümkinçilikler babatynda hem şeýledir. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak babatynda Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleri tarapyndan hem meýilnamalaýyn işler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Dynç alşyň dowamynda guralýan bäsleşiklerdir oýunlar, täsirli we peýdaly çäreler bolsa çagalaryň tomusky dynç alşyny ýatdagalyjy wakalara we göwün göteriji pursatlara besleýär.

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi hem bu ugurdaky işleriň sazlaşykly guralmagyna ýakyndan ýardam berýär. Geňeş tarapyndan sebitiň dürli pudaklarynyň işgärleriniň 14 ýaşyna çenli çagalaryna welaýatymyzdaky «Bagtyýarlyk», Awazadaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almak üçin ýollanmalar berilýär. Bu işler tomusky dynç alşyň dowamynda yzygiderli alnyp barlyp, tapgyrlaýyn esasda köpsanly çagalaryň täsirli dynç alşyny öz içine alýar. Şeýle hem geňeş tarapyndan çagalaryň dynç alyşlaryny manyly we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen dürli mazmunly çäreler hem guralýar. Ýurdumyzyň sapaly hem-de şypaly künjeklerinde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň hormatly Prezidentimize alkyşlary, Berkarar döwletimize, bagtyýar döwrümize bolan buýsançlary goşgy-gazal, aýdym-saz we ruhy joşgun bolup ýaňlanýar.

 

Jumadurdy JUMAÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.

“Türkmen gündogary” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.