Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“DOST-DOGANLYGYŇ RÖWŞEN ÝOLY BILEN” ATLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary  syýasatynyň netijesinde ozal  Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk  gatnaşyklary  mynasyp  dowam  etdirilýär.

Halkara  gatnaşyklarynyň geriminiň giňeýändigini ýurdumyzdaky syýasy wakalardan hem görmek bolýar.

Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan iki  taraplaýyn we köp taraplaýyn gepleşikler muňa doly şaýatlyk edýär.

2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dabaralanmasy mynasybetli, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli  merkezi bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymy  bilelikde  gurnamaklarynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Dost-doganlygyň röwşen ýoly bilen” atly  tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Bu söhbetdeşligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr-Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Zeminiň görki” atly gepleşiginiň redaktory S.Amangulyýewa alyp bardy.

Tegelek stolyň başynda geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Gyşky oýunlar sport toplumynyň şepagat uýasy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy H.Taganowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy, W.Öwezow,  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy M.Ataýew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy, Ý.Ulugberdiýew dagylar gatnaşdylar. 

Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşanlaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasaty ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan 2022-nji ýylyň  8-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin  mejlisinde “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” tassyklanandygyny habar bermek bilen, bu ady agzalan Konsepsiýasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde duran täze wezipeleri hem kesgitlenilendigi, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, ýakyn ýyllarda dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny berkitmek üçin zerur bolan ähli tagallalarynyň ediljekdigi hem-de halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ýardam berýändigi barada täsirli çykyşlar etdiler.

Mundan başga-da, olar söhbetdeşligiň barşynda goňşy ýurtlar bilen ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy strategik ileri tutulýan ugrydygy, goňşy ýurtlar bilen Türkmenistanyň we bu döwletleriň halklarynyň çuň taryhy gatnaşyklarynyň we medeni-siwilizasiýa umumylygynyň esasynda ösdürilýändigi, Türkmenistan goňşy ýurtlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyndan ugur alýandygyny aýratyn belläp geçdiler.  

Demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda irginsiz aladalary edýän, türkmen diplomatiýasynyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kämilleşdirilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza we mähriban Arkadagymyza  hoşallygymyzy bildirýäris.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň we Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny­nyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň he­mi­şe ro­waç  bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

 

Ogulnar Baýramowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri

 bölüminiň esasy hünärmeni.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.