Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEBIGAT – DÖREDIJILIGIŇ YLHAM ÇEŞMESI

Adamlaryň tebigata, ot-çöpe, daragtlara, haýwanat dünýäsine içgin nazar salyp, durmuşda dürli zatlary döredendigi mälimdir. Muňa ylmy dilde «bionika» diýilýär. «Bionika» – iňlis sözi bolup, «Ýaşaýşyň elementi» diýmekdir.

Adamlar gadymy döwürde möýleriň kerep örüşini, garynjalaryň hatar-hatar bolup, hinine iýmit daşaýşyny synlapdyrlar. Şeýlelikde, bu görnüşlerden nusga alyp, tokaý jaýlaryny hemde ýerasty öýleri gurupdyrlar.

Tebigata içgin nazar salmalar adamlara başgada birnäçe zatlary gurmagy, ýasamagy öwredipdir. Meselem, deňiz ýakasynda ýaşaýan türkmenleriň gürrüň bermeklerine görä, gadymy döwürde taýmyllar (bir orunly kiçijik gaýyk) takgaz balyklaryndan nusga alnyp ýasalypdyr. Takgazlaryň bedeniniň iki gapdaldan gysyklygyndan nusga alnandygy taýmyllaryň suwa batýan böleginde äşgär görünýär. Bu gaýyklaryň öňe uzaýan çüňki hem takgazlaryň çürelip gidýän burnuna çalymdaş bolupdyr.

Bionika binagärlik işine has içgin aralaşypdyr. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen ylymda «binagärlik bionikasy» atly ugur ýüze çykypdyr. Ilkinji bolup tebigatyň keşbini gurluşykda ulanmak pikirine gelen we bionikany ulanyp başlan ispan binagäri Antonio Gaudi bolupdyr. Ol bionikany ulanyp, Ispaniýanyň Barselona şäherinde 1900-1914-nji ýyllarda «Gueliň seýilgähi», «Daşda doňup galan tebigat», «Balonyň jaýy», «Milanyň jaýy», «Keramatly maşgala buthanasy» atly we başga-da birnäçe binalary gurupdyr. Şondan soň binagärlikde bionikany ulanmak bütin dünýä ýaýrapdyr. Janly organizmleriň gurluşykda gazananlaryny binagärlikde ulanmak üçin ýüze çykan ugra bolsa «binagärlik bionikasy» diýlip at berlipdir.

Adamlaryň döreden zatlarynyň köpüsi janly tebigata meňzeşdir. Mysal üçin, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde «Garlawajyň höwürtgesi» atly stadionyň daşky metal gurluşy guşuň höwürtgesine meňzeşdir. Awstraliýanyň Sidneý şäherinde ýerleşen meşhur Opera binasy bolsa suwda bitýän lotos ösümligine meňzedilip gurlupdyr.

Belli ispan binagärleri M. R. Serwera we H. Pioz bionikany gurluşykda işjeň ulanyjylar hökmünde 1985-nji ýylda gurluşyk işleriniň özgerişine gözegçilik edip başlapdyrlar. Olar 1991-nji ýylda «Binagärlikde innowasiýany goldaýjylaryň jemgyýetini» döredipdirler. Bu topara binagärler, inženerler, bezegçiler, biologlar, psihologlar giripdirler. Olar dik ýerleşen bioniki «Şäher diňiniň», ýagny minarasynyň taslamasyny döredipdirler. Bu taslamada «Şäher diňi» serwi agajyna meňzeş bolup, onuň beýikligi 1228 metr diýlip kesgitlenipdir.

Dubaý şäherindäki «Burj Halifa» hem gimenokallis atly ösümligiň çölde bitýän görnüşleriniň birine meňzedilip gurlupdyr. Binagärleriň bellemeklerine görä, bu ösümlige meňzedilip gurulmagy aşa beýik binanyň ýerden ep-esli belentlikde has güýçli öwüsýän ýeliň täsirinden gutulmagyna kömek edýär.

Bionika bezeg işlerine hem öz täsirini ýetiripdir. Meselem, edara we ýaşaýyş jaýlarynyň daşyny, girelgesini, içki gurluşyny bezemekde janly tebigatdan nusga alnypdyr. Mysal üçin, bal arylarynyň ýasaýan öýjükleri interýerlerde diwarlary, germewleri, mebelleri, dekorlary bezemekde nusgalykdyr.

Jaýlaryň basgançaklaryny bezemek üçin hem bezegçiler tebigatyň keşbine meňzeş enjamlardan peýdalanýarlar. Bu ugurda dürli agaçlar material bolup hyzmat edipdir. Jaýlaryň esasy diregleri agaçlaryň sütüninden taýýarlanylýar. Agaç iň peýdaly we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materialy hasaplanýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ak öýleri gurmak üçin hem agaçlardan peýdalanypdyrlar.

Häzirki wagtda hem jaý gurluşygynda agaçlardan giňden peýdalanylýar. Çünki agajy ýonmak aňsat bolup, her dürli bezeg berýän nagyşlary salmak ýeňil düşýär. Şeýle agaçlara ýurdumyzda ösýän arça, serwi, dagdan, çynar, söwüt, tut we beýlekiler mysal bolup biler.

Tebigat – ynsanyň daşydolagy. Tebigatdan öwrenere, durmuşa ornaşdyrara zat köp. Tebigata döredijilik nukdaýnazaryndan seredeniňde, ondaky gymmatlyklaryň bimöçber köpdügini hem-de durmuşa ornaşdyryp boljakdygyny bilmek bolýar.

 

Jumagül HOJAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

“Zaman-Türkmenistan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.