Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“OBA HOJALYGY-ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň  Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilelikde  gurnamagynda  “Oba hojalygy-ösüşleriň ýolunda”  atly maslahaty geçirildi.

Şu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy B.Rozyýew alyp bardy.

Geçirilen maslahata S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň kafedra müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy S.Annamuhammedow, B.Kerimow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk ylmy- önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Taýlakowa, “Berketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň müdiri O.Nuryýewa, Çöller ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgärleri we  kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary M.Sahatowa hem-de E.Amanberdiýewa gatnaşdylar. Olar bu maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli ylmy esasda ösdürmekde,türkmen topragynda dürli ekinleriň bol hasylyny ösdürip,  ýetişdirip, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän nusgalyk işler barada täsirli çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.