Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGDYNLYK, BAGTYÝARLYK

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny berkitmekde alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Şeýle bimöçber aladalaryň netijesinde ýurdumyzyň sportda gazanýan halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Güneşli Diýarymyzda ulanylmaga berilýän döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaşlaryň söýgüli mekanyna öwrülip, onda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýärler.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem biziň sport mekdebimizde türgenleriň onlarçasy sportuň birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşip, ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Biz, tälimçiler ýaş türgenleriň ukyp-başarnykly agyr atletikaçylar bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli aladalanýarys.

 

Baýmyrat ATABAÝEW.

Sakarçäge etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň  sportuň agyr atletika görnüşi boýunça tälimçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.