Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«HOWPSUZ HEREKET –YNSAN SAGLYGYNYŇ KEPILIDIR» ATLY ŞYGAR BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň  Geňeşi  hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligi bilelikde gurnamaklarynda «Howpsuz hereket –ynsan saglygynyň kepilidir»  atly şygar bilen  maslahat geçirildi.

Şu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy H.Baýramow alyp bardy.

Şu maslahat «Ýol hereketiniň howpsuzlygy, ömrümiziň rahatlygy»  atly  bir aýlygyň çäklerinde  geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory  D.Amanmyradow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň 2-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory B.Berkeliýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 5-nji ýyl talyby Ş.Muhyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça Geňeşiniň başlygy B.Rozyýew, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň tehniki gözegçisi M.Durdymämmedow dagylar  gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy talaplary barada täsirli çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.