- TM
- RU
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýy ýetip gelýär. Bagtyýar il-günümiz bu ajaýyp senä uludan taýýarlyk görýär hem-de ony zähmet sowgady, ýokary iş görkezijileri bilen garşylamagy maksat edinýär. Şoňa görä-de, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda päk zähmet joş alýar.
Güneşli Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalar ildeşlerimiziň toý şatlygyny has-da goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň geçen hepdäniň şenbe güni welaýatymyzyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bolup, gurluşyk işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy we ol ýerde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda «Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň meseleleri hakynda», «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň meseleleri hakynda», «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda» Kararlara gol çekmegi ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyran waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken nobatdaky resminamalary täze nusgalyk şäheriň meselelerini çalt çözmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Welaýatymyzyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Köpetdagyň eteginiň iň gözel künjekleriniň birinde gurulýar. Ol ýerde bir-birinden beýik we kaşaň desgalaryň ýüzlerçesi bina edilýär. Olaryň her biri häzirki zaman ylmynyň gazanan innowasion çözgütleri bilen tapawutlanýar. Täze şäherde gurulýan desgalaryň birinji tapgyrynyň üstümizdäki şanly ýylyň dekabr aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga beriljekdigi hem her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýan ýagdaýdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan täze şäheriň gurluşygy welaýatymyzyň taryhyndaky iň iri we ähmiýetli taslamadyr. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň we zähmet çekmegiň özi hem egsilmez bagtyýarlykdan nyşandyr. Ulus-ilimize beýik bagty peşgeş eden hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza joşgunly ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Baýramsoltan MYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Ahal durmuşy gazeti.