Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BAGTYÝARLYK DÖWRI-YLHAM ÇEŞMESI” ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün  Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Garagum” žurnalynyň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi  bilelikde  gurnamagynda  “Bagtyýarlyk döwri-ylham çeşmesi”  atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

 

Şu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe her günümiz şanly wakalara beslenýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň  ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, belent ahlakly hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy,ýörelgelerimizi mynasyp dowam edýän ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky ajaýyp başlangyçlaryndan  ugur alyp, “Garagum” žurnalynyň redaksiýasy  bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi  bilelikde mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek,milli mirasymyzy içgin öwrenmek we dünýä ýaýmak,halypa şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek,zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak  hem-de olaryň döredijiliklerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, “Bagtyýarlyk döwri-ylham çeşmesi”  atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

“Bagtyýarlyk döwri-ylham çeşmesi”  atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşigiň  baş maksady- halkymyzyň milli mirasyny öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybarat boldy. Bäsleşige hödürlenilen eserler “Bagtyýarlyk döwri-ylham çeşmesi” döredijilik bäsleşigine diýen bellik bilen, “Garagum” žurnalynyň redaksiýasyna eserleriň awtorlary tarapyndan  iberildi. Olar öz gysga terjimehallaryny, öý we iş (okuw) salgylaryny, 6x8 ölçegdäki iki sany fotosuratlaryny iberdiler. Bäsleşik tassyklanan Düzgünnama “Garagum” žurnalynda  çap edilen gününden başlandy. Şeýle hem bäsleşigiň şertlerine we geçiş tertibine görä, bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşige ozal başga neşirlerde çap edilmedik goşgular, hekaýalar hödürlenildi. Döredijiligiň her ugry boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlar hem-de höweslendiriji baýraklar kesgitlenildi.  Gelip gowşan eserlere emin agzalary baha berdiler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlendi.  Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de  höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň dowamynda “Bagtyýarlyk döwri-ylham çeşmesi”  atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde “Garagum” žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan  şahyrlar we bäsleşikde üstünlikleri gazanyp, höweslendiriji baýraklary we Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanan ýeňijileri bilen tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik hem gurnaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda şahyrlaryň täsirli goşgulary okalyp, ýeňijileri bäsleşikde gazanan üstünlikleri üçin tegelek stolyň başynda alyp baryjy olara gutlag we hoşallyk sözlerini aýtmak bilen, bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi türkmen halkyny dünýäniň öňünde abraý-derejä, mertebä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag,ömrüniň uzak,il-ýurt bähbitli tutýan ägirt uly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.