Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ” ATLY SYGAR BILEN AÝDYM-SAZLY DABARALY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat  işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda  Aşgabat şäherinde degişli edara-kärhanalarynda dürli kärlerde  päk ýürekden, halal zähmet çekýän kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda Garaşsyzlygyň XXXI ýyllygy mynasybetli  “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly sygar bilen aýdym-sazly dabaraly  maslahaty geçirildi.

Şu aýdym-sazly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Agrosenagat  işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy B.Rozyýew alyp bardy.

Aýdym-sazly dabaraly maslahatyna  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniweritetiniň mugallymlary Ş.Şahyýew, Ý.Saryýew şeýle-hem  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Watan” radioýaýlymynyň habarlar bölüminiň gepleşigi taýýarlaýjy we gurnaýjy O.Öräýewa, Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy R.Rahmanow hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugynyň döwlet inspektory U.Paşşyýewa dagylar gatnaşdylar. 

Aýdym-sazly dabaraly maslahatyna gatnaşanlar ata-babalarymyzyň, pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda arzuw-umytlar bilen ýetilen Garaşsyzlygyň türkmen halkyna beren miweleri we geçen gysga döwürde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary göterilmeginde ýetilen belent sepgitler  barada  täsirli çykyş etdiler.

Bu aýdym-sazly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr”, “Aşgabat” teleýaýlymlary hem-de “Watan” radioýaýlymy tarapyndan ýazgylar edildi.

 

Ýörite habarçymyz.

Surata düşüren Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.