Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HALKARA GURAMALARY BILEN OŇYN HYZMATDAŞLYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty täze belent sepgitlere ýetip özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Türkmenistan döwletimiz bügün halkara gatnaşyklarynyň has-da kämilleşen, dünýäniň ençeme döwletleri bilen parahatsöýüjilikli, oňyn gatnaşyklary alyp barýan, ylalaşdyryjy, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň giňden goldanylýan ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Şunuň esasynda hem ýurdumyzda abraýly Halkara Guramalarynyň duşuşyklary, forumlar, halkara sergileri yzygiderli geçirilýär. Ynha, ýaňy ýakynda 2022-nji ýylyň 14-16-njy sentýabry aralygynda hem Halkara Zähmet Guramasynyň Çaga zähmeti we mejbury zähmet bölüminiň müdiri Dipa Rişikeşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary geçirildi. Şol iş saparyň çäklerinde bolsa Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň başlygy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa ýolbaşçylyk edip, oňa Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygynyň orunbasary S.Ataberdiýew, Durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri M.Haitow şeýle-de Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri M.Sähetgulyýewa gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda iki tarapyň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň mejbury zähmet bilen bagly konwensiýalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary özüniň wezipelerini amal etmekde we halkara hyzmatdaşlygy netijeli hem-de abraýly dowam etdirmekde birnäçe işleri alyp barýandygy bellenildi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary halkara konwensiýalary hem-de halkara zähmet kadalary berjaý etmek bilen bagly HZG-nyň okuw maslahatlarynda işeňňir gatnaşyp, hünärmenleriniň üstünlikli çykyş edýändikleri nygtaldy. HZG bilen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda HZG-niň 144-nji «Üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda (halkara zähmet kadalary)» hem-de konwensiýalara Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meseleler, zähmet we iş bilen üpjünçilik meseleleri dogrusynda pikir alşyldy.

 

TKAMM-yň Maglumat,seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri M.Sähetgulyýewa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.