Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIŞLI ÝOLUŇ MENZILLERI

Milli sportumyzyň bedew batly ösüşleri bu gün biziň ählimizi guwandyrýar. Bu hakykat türkmen türgenleriniň iň iri halkara ýaryşlarda gazanýan ajaýyp üstünliklerinde hem aýdyň beýanyny tapýar. Şeýle iri ýaryşlarda üstünlik gazanýan türgenlerimiziň hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlary bilen sylaglanylmagy bolsa ussatlarymyzy täze, has uly ýeňişlere ruhlandyrýar.

Ajaýyp üstünlikleri bilen Watana şan getirýän ussatlarymyzyň aglabasynyň biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzyň – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary bolmagy ýokary okuw mekdebimiziň tälimçi-mugallymlarynyň utgaşykly yhlasynyň, zähmetiniň ýerine düşýändiginden nyşandyr. Çünki ýokary okuw mekdebimizde diňe sportuň görnüşleri boýunça tälim bermek bilen çäklenmän, talyp ýaşlaryň sowatly, köptaraply düşünjeli bolup ýetişmegi, halkara giňişliginde giňden ulanylýan dünýä dillerini bilmegi üçin uly tagallalar edilýär.

Şu ýerde biziň talyp ýaşlarymyzyň öňünde möhüm synaglaryň ýene birnäçesiniň bardygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda Türkiýäniň Samsun şäherinde dowam edýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň Dünýä kubogy hem biziň institutymyzyň ýaşlary üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Galyberse-de, Özbegistanyň Samarkant şäherinde badalga alýan ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionaty hem türkmen türgenleriniň ukybyny, başarnygyny aýan eder. Biz şol möhüm synaglardaky netijeleriň milli sportumyzyň halkara arenasyndaky ornuny has-da pugtalandyrjak pursatlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Türkmen sportuny ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Rüstem SAPAROW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy, institutyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Türkmen sporty gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.