- TM
- RU
2022-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Döwlet Maslahaty- ösüşleriň kepili” atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Bu söhbetdeşligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr”:Türkmenistan teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy S.Amangulyýewa alyp bardy.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşyndan ugur alyp, ýurdumyzda ýetilen sepgitleri, ösüşleri barada giňişleýin wagyz-nesihat etmek maksady bilen, şu söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany N.Bekowa we şol müdirligiň 10-njy saglyk öýüniň maşgala lukmanlar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy S.Tirkeşowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy,Geňeşiň başlygy O.Allanazarowa hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjigini dolandyryş müdirliginiň Saglygy dikeldiş merkezi we Anyklaýyş barlaghanasynyň başlygy,ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy G.Goçgulyýew dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlaryň ählisi ýurdumyzda şu günki güne çenli ýetilen sepgitler, ösüşler barada täsirli çykyşlary etdiler.
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat,seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.
Surata düşüren Ak Begenç, TKAMM-yň maglumat seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.