Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ-ŞANYMYZ ŞÖHRATYMYZ” ATLY SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda   “Garaşsyzlyk bagtymyz-şanymyz şöhratymyz” atly  söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.    

Söhbetdeşlik duşuşygy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr” teleýaýlymynyň   gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy L.Ataşowa hem-de “Watan” radioýaýlymynyň  habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy O.Öräýewa alyp bardylar.  

Geçirilen söhbetdeşlik duşuşyga Aşgabat şäheriniň Suw çüwdürimlerini, seýilgählerini ulanmak we hyzmat etmek trestiniň bagbany,kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy J.Ataýewa, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Arassaçylyk müdirliginiň meýdan süpürijisi, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy T.Muhammedowa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap müdirliginiň sürüjisi, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy H.Aklyýew,  Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Bagçylyk müdirliginiň bagbanlary, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary A.Agaýew we K.Allaýarow, Aşgabat şäheriniň Suw çüwdürimlerini, seýilgählerini ulanmak we hyzmat etmek trestiniň “Ruhnama” suw çüwdüriminiň maşinisti, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Ö.Çerkezow hem-de “Suw üpjünçilik we lagym” abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň mehanika bölüminiň sürüjisi, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy K.Geldiýew dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlik duşuşygyň barşynda çärä gatnaşanlaryň ählisi  Watanymyzyň Garaşsyzlygy ýurdumyzyň halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly binýadygy, Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň dowamynda gazanylan zähmet ýe­ňişleri halkymyzyň watansöýüjiliginiň, agzybirliginiň, jebisliginiň, halal we tutanýerli zähmetiniň netijesidigi, Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrülendigi barada täsirli çykyşlary etdiler. Söhbetdeşlik duşuşygyň dowamynda gyzykly we guramaçylykly geçirilen çäräni Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr” teleýaýlymy hem-de “Watan” radioýaýlymy  tarapyndan ýazga geçirdiler.

 

 

Baýram GURTMYRADOW, Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkeziniň Maglumat,seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.