Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DUŞUŞYK TÄSIRLI GEÇDI

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si ýa­şu­ly we ýaş nes­liň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şy­gy­ny ge­çir­di. «Ýa­şu­lu­la­ryň gö­rel­de­si — ýaş­la­ra ýö­rel­ge» at bi­len ge­çen bu du­şu­şyk tä­sir­li bol­dy. On­da çy­kyş eden­ler ýur­du­myz­da ýa­şu­lu­la­ra go­ýul­ýan sar­pa ba­ra­da buý­sanç­ly söz­ler aýt­dy­lar. On­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Älem iç­re at ge­zer» ese­rin­dä­ki il­ha­lar yn­san, sar­pa­ly mu­gal­lym Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň hem bir işe baş­la­ma­zyn­dan öň oba ket­hu­da­la­ry bi­len mas­la­hat­laş­ma­gy, ola­ra sa­la sa­lyp, göw­ne­jaý çöz­güt­le­re gel­ýän­dik­le­ri dog­ru­syn­da­ky wa­ka­la­ry su­rat­lan­dyr­ýan pur­sat­la­ry ýat­la­dy­lar. Ýaş­la­ra ha­ly­pa-şä­girt gat­na­şyk­la­ry, ýa­şu­lu­la­ra go­ýul­ýan hor­mat ba­ra­da­ky ün­dew­le­ri wa­gyz et­di­ler.

Du­şu­şy­ga gat­na­şan ýaş­lar aja­ýyp aý­dym­lar bi­len oňa gat­na­şan­la­ryň göw­nü­ni gö­ter­di­ler. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi my­na­syp do­wam et­dir­mä­ge hem-de şo­la­ryň esa­syn­da ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi ter­bi­ýe­le­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Du­şu­şy­ga gat­na­şan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den buý­sanç­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

 

Gy­lyç­dur­dy HAÝ­DA­ROW,

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň bö­lüm mü­di­ri.

Mugallymlar gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.