Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR EZIZ WATAN!

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda altyn güýzüň gelmegi bilen Eziz Diýarymyzda toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Ýaňy ýakynda türkmen halky merdana ata-babalarymyzdan miras galan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk toýuny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşynda ulus-il bolup belent ruhubelentlikde, agzybirlikde, şatlyk-şowhun bilen giňden belledi. Türkmen halky bugün pederlerimiziň ençe asyrlap arzuw eýlän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdunda Gahryman Arkadagy, Arkadagly Serdary bilen bir supra jem bolup ajap eýýamda, ajap çagda ýaşaýar. Neneň onsoň buýsanmajak, neneň onsoň guwanmajak.

Ynha, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň oktýabr aýynyň 1-ine hem, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Ogulnar Baýramowanyň “Altyn-Asyr Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda “Aşgabat” seýilgähinde Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik “Altyn-Asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň "Watan waspy" atly gepleşiginiň redaktory Ogulbossan Arrykowanyň alyp barmagynda dowam etdirildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeler, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, sentýabr aýynyň 23-ine geçirilen Döwlet Maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşy we gol çeken Permanlary dogrusynda giňden gürrüň edildi. Duşuşyga gatnaşan dürli kärdäki ýaşlarymyz özleriniň Watanyna bolan söýgüsini çuň manyly duýgular bilen beýan etdiler. Täsirli geçen söhbetdeşligi ildeşlerimiz özleriniň ýürek buýsançlaryny goşgy setirlerini okamak we sahnadan bölejiklerini ýerine ýetirmek arkaly dowam etdi.

Bugün, eziz Watanymyzyň her bir raýatynyň ýüregi "Jan Watanym Türkmenistan" diýip urýan bolsa, biziň ýurdumyzda edilýän her bir aladanyň diňe halkyň bähbidine edilýändiginiň ýagny “Döwlet diňe Halky bilen Döwletdir”, “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýlen şygaryň belentden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp zamanada biz ýaşlara hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky üçin edýän bimöçber aladalaryna jogap edip öz zähmet üstünliklerimiz bilen buýsandyraýmak galýa. Goý, ýüregi diňe Halkym diýip urýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklardan rowaçlyklara, üstünliklerden üstünliklere beslensin!

 

Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň

 Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we

 halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri

 Melike Sähetgulyýewa.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.