Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DOSTY DOGAN EÝLEÝÄN ÝOLLAR

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiniň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Tokionyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Ýaponiýanyň resmi wekilleri garşyladylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy 26-njy sentýabrda bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Arkadagymyz Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan, ýurdumyzyň halkynyň we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Duşuşykda iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Arkadagymyz Hosoda Hiroýukini özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz Tokioda «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy we işewür dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, gurluşyk pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirligi görnüşinde duşuşyk geçirdi. Oňa «Kawasaki Heavy Industries Ltd», «Komatsu Ltd» kompaniýalarynyň, «ITOCHU», «Mitsubishi», «Sumitomo», «Marubeni», «Sojitz», «JGC» korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyz maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyk boýunça Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi hem-de Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu Ylalaşyga gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny has-da berkider hem-de ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda maýa goýum işini giňeltmegi üçin zerur bolan kepillendirmäni we şertleri döreder.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ýapon işewürlerine birnäçe teklipleri beýan etdi.

Birinjiden, Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasyny» täze, möhüm taslamalar bilen üstüni ýetirip, täzelemegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu resminama Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gol çekmek üçin hödürlense, dogry bolar diýip pikir edýärin.

Ikinjiden, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri Türkmenistandan eksport etmek üçin ýapon kompaniýalaryny çekmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýaryn.

Üçünjiden, maliýeleşdirmegi diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm mesele bolup durýar. Bu ugurda biz maliýeleşdirmegiň bilelikdäki usulyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemelidiris diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň alyjynyň we satyjynyň arasynda hasaplaşyklary — «eskrou hasaplaşygyny» howpsuz geçirmek üçin ýörite hasaby döretmek hakynda barýar. Mundan başga-da, biz taslamalary maliýeleşdirmegiň dürli görnüşlerini, şol sanda öndürilýän önümleri tölemek bilen taslama maliýeleşdirmesi, göni maýa goýumlar we beýlekiler ýaly görnüşlerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýäris.

Dördünjiden, biz «ýaşyl» we wodorod energetikasy hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda ýapon tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýäris.

Bäşinjiden, kiçi we orta ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda işewürligi, degişlilikde, türkmen kärhanalaryny Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň örän uludygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz çykyşyny jemläp, bu işleriň uly geljeginiň bardygyna ynanýandygyny aýdyp, ýapon işewürlerini Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna öz goşantlaryny goşmaga çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda maýa goýum işjeňligini pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny artdyrmak we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýurdumyzda ozal bar bolan önümçilik-senagat desgalarynyň ikinji tapgyryny gurmak baradaky çözgütlere garaldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda üpjünçilik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasyny» döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Bu meseläni türkmen-ýapon komitetiniň mejlisine hödürlemek makul bilindi.

Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny, degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda gepleşikleri geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz «Kawasaki Heavy Industries Ltd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Tatsuýa Watanabeni kabul edip, onuň bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we bu babatda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «ITOCHU» korporasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy Hiroýuki Tsubai bilen duşuşdy.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar birnäçe ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde geljegi uly hasaplanýan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň «Mitsubishi» korporasiýasynyň Baş wise-prezidenti Tetsuýa Şinohara bilen duşuşdy.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Arkadagymyz duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde geçirilýän matam çäresine gatnaşdy.

Matam çäresiniň geçirilýän ýerinde Sindzo Abeniň Ýaponiýanyň ähli ugurlar boýunça ýokary ösüş gazanmagyna goşan goşandy, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklary barada giňişleýin gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Şeýle-de matam çäresiniň geçirilýän ýerinde görkezilen wideoşekillerde Sindzo Abeniň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan beýik syýasatçydygy, meşhur şahsyýetdigi barada gürrüň berildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly guralan ýas çäresine gatnaşdy.

Soňra hormatly Arkadagymyz matam çäresine gatnaşyjylar bilen bilelikde merhumy hatyralap, oňa ajaýyp gül desselerini goýdy.

Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy özüniň maşgalasy bilen bilelikde medet beriji sözleri aýtmak maksady bilen, Sindzo Abeniň maşgalasynyň ýanyna bardy. Bu ýerde Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisidanyň hem bolandygyny bellemeli.

Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrine ýüzlenip, ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň adyndan, hormatly Prezidentimiziň we maşgala agzalarynyň adyndan ýapon halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi. Ýene bir ýola medet beriji sözlerini aýtdy.

Hajy Arkadagymyz maşgalasy bilen merhumyň maşgalasyna çuňňur duýgudaşlyk bildirip, Sindzo Abeniň ýapon halkynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagy ugrunda bitiren hyzmatlaryny ýatlady.

Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy özüniň medet beriji sözlerini aýdyp, merhumyň maşgalasyna ruhy durnuklylyk, sabyr-kanagat dileg etdi.

Merhumyň maşgalasy agyr pursatda gelip, duýgudaşlyk bildirendigi hem-de medet beriji sözleri aýdandygy üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ýaponiýada iş saparynda bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy 28-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Premýer-ministrine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Öz nobatynda, ýapon Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň oňat arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Premýer-ministr Fumio Kisida döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri bu ýerde guralan matam çäresine gatnaşandygy we agyr pursatda gelip, duýgudaşlyk bildirendigi üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şol gün ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiakini kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşykda Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgeniniň ajaýyp ýeňiş gazanandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi.

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen wekilleri Ýaponiýanyň Tokio atçylyk toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň wekilleri ýaponiýaly kärdeşleri bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we özara tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýeti tarapyndan ýapon atşynaslaryna Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby sowgat berildi. Ýaponiýaly atşynaslar ajaýyp sowgat üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirip, bu kitabyň dünýä atşynaslary üçin ähmiýetlidigini aýratyn nygtadylar.

Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Tokio atçylyk toplumynyň aýratynlyklary, çapyksuwarlaryň we bedewleriň taýýarlanylyşy hem-de bu ýerde döredilen amatly şertler bilen içgin tanyşdylar.

30-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň özara tejribe alyşmaklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde diplomatik gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurdy, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini belledi.

30-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Ýaponiýanyň işewürleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki döwletiň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary, işewürlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri Ýaponiýanyň «ITOCHU», «Mitsubishi», «Komatsu», «Kawasaki Heavy Industries Ltd» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hatarynda bolýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Tokionyň şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdy. Şeýle hem ol Tokio şäheriniň häkimliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, «akylly» şäher konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda täzeçil usullar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Ýaponiýa amala aşyrylan iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň geljegi uly hasaplanýan ugurlarda has-da işjeň häsiýete eýe bolmagyna kuwwatly itergi berer.

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýa iş saparyny tamamlap, Watanymyza gaýdyp geldi.

 

«Watan».

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.