Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWLETLI TUTUMLARA BUÝSANÇ

Gubadag etrabynyň Medeniýet merkezinde «Buýsanç bilen Watanymyzyň belent ösüşlerine tarap!» atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren maslahatyna etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlarymyz hem gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler gözbaşyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyz, milli däp-dessurlarymyz, edep-terbiýe we maşgala gymmatlyklarymyz barada gyzykly maglumatlary, nakyllary, atalar sözlerini aýtdylar. Ruhy hem-de maddy gymmatlyklarymyzyň häzirki wagta çenli gelip ýetmeginde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň uly ornunyň bardygy nygtaldy. Şeýle-de maslahatda eneligi we çagalygy goramak, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan kömek-goldawlary bermek babatda durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlaryň hukuklaryny goramak, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak ýaly asylly işleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mamagül TAGANOWA,

TKA-nyň Gubadag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Watan gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.