Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEGELEK STOLYŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.   

Şu söhbetdeşligi  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň   alyp baryjysy A.Glyjowa alyp bardy.  

Tegelek stolyň başynda geçirilen  söhbetdeşlige  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy O.Hojaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hünärmeni M.Borjakowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy O.Şyhyýewa, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň baş hünärmeni O.Çarybaýewa dagylar  gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň   barşynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň  “Altyn Asyr” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.