Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAGLYGY GORAÝYŞ SYÝASATY: JEMGYÝETIŇ ABADANÇYLYGYNYŇ ESASY» ATLY DABARALY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň  güni mynasybetli  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilelikdäki gurnamaklarynda ««Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş  syýasaty: Jemgyýetiň abadançylygynyň esasy» atly dabaraly maslahaty geçirildi.

 

Şu dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr:Türkmenistan” teleýaýlymynyň “Paýhas synagy” bölüminiň müdiri A.Klyçewa alyp bardy.  

Geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory O.Geldiýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy M.Gubyýewa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik  saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň ylmy-tejribe meseleleri boýunça orunbasary B.Jepbarow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň Ylmy-kliniki synag barlaghanasynyň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy G.Orazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saglygy goraýyş  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy P.Kakajaýew dagylar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahata gatnaşanlaryň ählisi Ber­ka­rar döw­le­ti­ň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda demokratik, hukuk we dünýewi Türkmenistan döwletimizde saglyk ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady tutulyp, kämilleşdirilmegi netijesinde her bir adamyň we her bir raýatyň jan-saglygy barada taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsuny aýtmak bilen, Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky kanunçylygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglyk ulgamynda amala aşyrylmagy dowam edýän giň möçberli işler we ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda çykyş edip, ilatyň arasynda  sagdyn durmuş  ýörelgelerini wagyz-nesihat etdiler.Dabaraly maslahatyň dowamynda  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň  “Melhem” aýdym-saz hem-de tans  toparlary täsirli çykyş etdiler. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr:Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.            

 Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.