Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAZLAŞYKLY IŞ ÝEŇŞE ÝETIRÝÄR

Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy olaryň şahsy jogapkärçiligini artdyrdy. Soňky ýyllarda mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler, okuw-görkezme esbaplary bilen üpjünçiliginiň gowulanmagy ösüp gelýän nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde, guwançly netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Şeýle mümkinçiliklerden, döredilýän şertlerden netijeli peýdalanýan bilim işgärlerimiz täze eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde ähli tagallalary edýärler.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylyny ýokary netijelere beslemegi maksat edinýän işgärlerimiz döredijilikli zähmet çekýärler. Geňeşimiz tarapyndan işgärleriň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly alada edilýär. Baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli öňdebaryjylarymyzy sylaglap, höweslendirip durýarys. Başga-da goldaw-ýardamymyz päk zähmete höwesi artdyrýar. Şeýle hem şanly ýylymyz mynasybetli wagyz-nesihat işlerine-de uly üns berýäris. Şu birleşen tagallalarymyzam ýeňişli sepgitlere ýetirýär.

 

Muhammetberdi KUŞIÝEW.

Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Baýramaly etrap geňeşiniň başlygy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.