- TM
- RU
Daniýanyň Şa zenany Margrete II täze muzeý açdy. Täze açylan muzeý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky Stiwens-Klint sebitinde guruldy. Şu ýerde Çiksulub meteoritiniň yzlaryny hem görüp bolýar. Ol, takmynan, 66 million ýyl ozal Ýere gaçypdyr.
Muzeýde Ýerdäki durmuşy üýtgeden waka barada gürrüň berlip, onuň taryhy barada film görkezilýär. Şu ählumumy taryh, hemmämiz üçin möhüm bolan taryh. Ol global derejedäki waka bolup, şu günki bilýän dünýämiziň başlangyjy boldy.
Biziň ekspozisiýamyz bu ýere gelip görýänleriň kalbyna aralaşýar -diýip, muzeýiň müdiri Tow Damholt gürrüň berýär.
Özboluşly muzeýde dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen eksponatlar bar. Şu ýerde gören zatlaryna haýran galan myhmanlar öz täsirlerini paýlaşýarlar. Şu gaty ajaýyp muzeý. Şu ýer biziň üçin gaty gyzykly boldy. Muzeý dünýäniň dürli künjeklerinden köp adamy özüne çeker diýip pikir edýärin - diýip, muzeýe gelip gören Daniýanyň ýaşaýjysy Mod Juliana aýtdy.
Interaktiw muzeý Daniýanyň paýtagty Kopengagenden bary-ýogy bir sagatlyk uzaklykda ýerleşýär.
Maýa Saryýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we
jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.