Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÖZ ILINIŇ BAGŞYSYDY

Metbugatda çap edilen makalalarymyň hersini aýratynlykda goýuşdyryp otyrkam, birmahalky ulanan ýandepderçämde gözüm eglendi. Şonda duýdansyz süýnen ýyldyz ýaly bolup aramyzdan ir giden körpe bagşy Gulbaba Akyýew barada eden ýazgylarym maňa uly täsir etdi. Körpe bagşynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly käbir pursatlary okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildim.

Türkmeniň saýrak bilbili Gulbabanyň kakasy hem-de halypasy Han Akyýew külli türkmen ilinde ussat sazandalaryň biridi. Ol welaýat halk döredijilik öýüne ýolbaşçylyk edýärdi. Ol öz ogly Gulbabajyga dutar çalmagy-da, sadaja setirli goşgulara döredilen aýdymlary aýtmagy-da öwredýärdi.

Dünýä saz medeniýetiniň görnükli wekili P.I.Çaýkowskiý alty ýaşlarynda saz sungaty bilen gyzyklanyp ugran bolsa, Gulbaba üç ýaşynda dutaryň perdelerini yzarlap başlaýar. Onuň aýdym-saza bolan ukyby, kämilligi, düşünjesi günsaýyn giňeýär. Ol dört ýaşynda ilkinji gezek konsert berýär.

1963-nji ýylyň tomsunda Orsýetiň Moskwa şäherinde geçirilen Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günlerinde hem çykyş edýär. Şonda eli dutarly, egni gyrmyzy donly, başy ak telpekli körpe bagşa tomaşa edýänleriň gözi gidip, ör turup dowamly el çarpýarlar.

1965-nji ýylda zehinli körpe bagşymyz ýene-de Moskwada Halk hojalygynyň gazananlarynyň bütinsoýuz sergisinde çykyş edip, tomaşaçylaryň göwünlerini awlaýar. Onuň gulaga ýakymly aýdymlary güneşli ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, türkmen teleýaýlymynda, radiosynda yzygiderli ýaňlanýar.

Zehinli bagşy gysga ömrüniň içinde tomaşaçylaryň öňünde 97 gezek konsert bilen çykyş etmäge ýetişýär. Ol şonuň 30-syny Garagum derýasynyň gurluşykçylaryna bagyşlaýar.

Bir gezek Han Akyýewlere telegramma gelýär. Onda Gulbabanyň türkmen kinofilmine surata düşmelidigi, özem onuň aýtjak aýdymlarynyň heniz ýaýlymda ýa-da toýda-tomaşada aýdylan aýdym bolmaly däldigi nygtalýardy.

Döredijilik bilen gyzyklanýan Han Akyýew Türkmengala etrabyndan ussat sazanda Durnazar Hudaýberenowy çagyrýar. Olar “Öz ilimiň bagşysy men” diýen aýdymyň üstünde işleýärler. Han Akyýewiň sözlerine dörän bu aýdymy Gulbaba “Daşgaladaky waka” kinofilminde ilkinji gezek ýerine ýetirýär. Gulbaba bu kinofilmde öz iliniň hakyky bagşysy bolup çykyş edýär.

Şeýdip Gulbaba Akyýew ýaşlygyna garamazdan, tejribeli bagşylaryň hataryna goşulyp gidýär. Onuň ýerine ýetiren “Gelemen”, “Akmaýa gerek”, “Nowgül”, “Begler”, “Galmanam” ýaly aýdymlary höwes bilen diňlenýän aýdymlara öwrüldi.

 

Döwletmyrat AKMYRADOW.

Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.