- TM
- RU
80 ýyldan bäri ýaýradylýan «Fodor’s» syýahatçylyk neşiri geljek ýyl üçin iň gowy myhmanhanalaryň sanawyny mälim etdi. Neşiriň 700-den gowrak awtory bolup, olaryň makalalary neşir edilýär. Syýahatçylyk pudagynda ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýan neşir 92 myhmanhananyň sanawyny taýýarlady.
Sanawyň Ýewropa sebitindäki myhmanhanalaryna «Borgo Santandrea», «Borgo Santo Pietro», «Grand Hotel Tremezzo» (Italiýa), «Santa Gertrudis» (Ispaniýa), «Coco Otel» (Daniýa), «D’une île» (Fransiýa), «The Dolder Grand» (Şweýsariýa), «Otel Imperial» (Awstriýa), «Kalesma Mikonos», «Parilio Paros» (Gresiýa), «Kayakapı Premium Caves» (Türkiýe), «Levin Iglut» (Finlýandiýa) we «The Twenty Two» (Angliýa) girdi.
Gyzylgül JORAÝEWA,
Türkmenbaşy Dokma toplumynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.
“Zaman-Türkmenistan” gazeti.