Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYK – BAÝLYK

Halkymyzyň gymmatly baýlygy bolan saglygy goramak ýurdumyzda aýratyn üns berilýän möhüm ugurlaryň biridir. Saglyk baradaky alada ömür baradaky aladadyr. Raýatlaryň saglygyny goramakda hem-de berkitmekde alnyp barylýan işler köptaraplaýyn häsiýete eýedir. Bu babatdaky her bir başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa hem-de ýokary baha mynasyp bolýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny we hil derejesini halkara ülňülerine laýyk getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi bilen utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýleki ugurdaş maksatnamalar bilen birlikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hem birkemsiz durmuşa geçirilýär, lukmançylyk we sport desgalaryny, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Döwrebap enjamlaşdyrylan sport zallary we meýdançalary, suwda ýüzülýän howuzlar, şeýle-de, binäçe desgalar halkymyza hyzmat edýär.

Bu günki gün Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Mundan başga-da, ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy belende götermekleri diňe öňe barýan Watanymyzyň şöhradyna şan goşýar. «Sport» we «saglyk» diýen düşünjeler aslynda bir bitewilige eýe bolup, onuň gözbaşynda adamzadyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy jemlenendir. Sport adama saglyk bilen birlikde ruhubelentligi, ýaşaýşa bolan söýgini, özüňe bolan ynamy bagyş edýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan hem ýaş nesli sporta çekmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Akylly, paýhasly, terbiýeli, bilimli ýaş nesli kemala getirmegiň ilkinji basgançagy çaganyň sagdyn bedenli, kämil ruhly bolmagydyr. Eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramada, ömür dowamatlylygyny uzaltmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini dowam etdirmäge, bedenterbiýäniň hem-de sportuň ösüşine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. «Herekete – bereket» diýlişi ýaly, hereketiň barlygynda ynsanyň ruhy tämizlenip, ol berk bedenli, maksadaokgunly, şeýle-de, sagdyn bolýar.

 

Ogulnar BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.

"Türkmen sporty" gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.