Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KOSMOSA ŞAR BILEN UÇULAR

Ispaniýa döwleti Ýewropanyň ylym-bilim ojaklarynyň biri bolmak bilen, döwrebap tehnomerkezleri, innowasion çemeleşmeleri bilen dünýä meşhurlyk gazanandyr. «Halo Space» kompaniýasy çişirilen şara birikdirilen tegelek kapsulada ekologiýa zyýan ýetirmeýän kosmos uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Ilkinji synagy dekabr aýynda Hindistanyň Haýdarabat şäherindäki «Tata» atly düýpli ylmy-derňew institutynda amala aşyrylar.

Her uçuş wagtynda kapsula 40 kilometre çenli beýiklige çykar. Onda sekiz ýolagçy we bir uçarman ýerleşer. Şeýle hem kapsulanyň Ýeriň 360 derejeleýin görnüşini açýan panoramaly penjireleriniň boljakdygy bellenilýär. Kompaniýa 2025-nji ýylda täjirçilik uçuşlaryny ýola goýmagy we dört yklymda uçuş nokatlaryny gurnamagy meýilleşdirýär.

 

Aýgül HOJAKOWA, Saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň hasapçysy.

“Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.