Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEDENTERBIÝE WE SPORT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sporty we bedenterbiýäni durnukly ösdürmek üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda» Permana gol çekmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistan Konkide typmak boýunça halkara birleşigiň (ISU) doly hukukly agzasy boldy. Bu karar ISU-nyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen geňeşinde kabul edildi. Birleşige Türkmenistandan wekil hökmünde Sportuň gyşky görnüşleri boýunça milli merkezi hasaba alyndy. Türkmenistan 2019-njy ýyldan bäri bu guramanyň agzasydyr. Sportuň figuralaýyn typmak, konkide typmak we şort-trek görnüşleri boýunça iri halkara gurama bolup durýan ISU dürli ýaryşlary geçirip, olar baradaky düzgünnamalary kabul edýär.

Türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy bildirýäris!

 

Baýram GURT­MY­RA­DOW, TKA-nyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.