Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENAN — ZEMINIŇ ZYNATY

Golaýda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrap geňeşiniň guramagynda etrapdaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Zenan — zeminiň zynaty» ady bilen geçen duşuşyga etrabyň bilim edaralarynda yhlasly zähmet çekýän zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Duşuşykda hormatly Arkadagymyzyň «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym» atly eseri boýunça täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler «Ene», «Eje», «Uýa», «Ýanýoldaş» diýen sözleriň manysyny dürli mysallar arkaly düşündirdiler. Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen zenanlarymyzy wasp edýän goşgulary okaldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Dinara ROZYBAÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrap geňeşiniň hünärmeni.

“Watan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.