Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GEZMEK – ÖMÜRDEN

Hytaýlylar, adatça, «Nahardan soň ýüz ädim ýöremek ýaşyňy togsan dokuza ýetirer» diýen setirlerden ugur alýarlar.

Lukmanlar adamlara her gün ýarym sagat töweregi üç kilometr ýoly, her hepdede azyndan bäş sapar ýöremegi maslahat berýär. Esasy zat, her gün ýöremekde saglygyňyza peýdasynyň bardygyny bilmekdedir. Lukmanlaryň biri günde bir sagat ýörän we muny amal etmedik uly ýaşly adamlaryň arasynda barlag geçiripdir. Barlagyň netijesinde birinji topara degişli adamlar ikinji topara degişli adamlara garanda sagdyn bolupdyr hem-de olaryň arasynda ýürek keseli bilen nähoşlan adamlar ýok ekeni.

Bir habarçy 95 ýaşly goja bilen söhbetdeş bolanda, ondan sagdynlygyň we uzak ýaşamagyň syryny sorapdyr. Bu soraga ýaşuly: «Sagdynlyk sport bilen meşgullanmakdan başlanýar. Bu ýaşlara, aýratynam, biz ýaly gojalara zerurdyr. Şonuň üçin men ýöremegi halaýaryn. Günde ir bilen baga ýöremäge çykýaryn» diýip jogap beripdir.

Olimpiýa oýunlarynyň Watanynda şeýle sözler bar:

«Seniň sagdyn bolasyň gelýärmi, onda ylga!

Sen aň taýdan ösen bolmak isleýärmiň, onda ylga!

Seniň owadan görnesiň gelýärmi, onda ylga!».

Uly ýaşly adamlar üçin şeýle sözler bar:

«Siz sagdyn bolmak isleýärsiňizmi, onda ýöräň!

Siziň uzak ýaşasyňyz gelýärmi, onda ýöräň!».

 

Toplan Şemşat Ça­ryýe­wa, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.