Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HOWA BOÝUNÇA SAMMIT GEÇIRILDI

Golaýda Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde 120-den gowrak dünýä Liderleriniň gatnaşmagynda howa boýunça bütindünýä sammiti geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-27) 27-nji maslahatynyň başlygy hökmünde Müsür ösýän ýurtlaryň meselelerine we zerurlyklaryna aýratyn üns bermegi maksat edinýär. Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmesinde: «Dünýä hakykatdan-da çydamlylygyny güýçlendirmegi we uýgunlaşmak ukybyny ýokarlandyrmagy maksat edinýän bolsa, ähli ýurtlaryň gyssagly hereket etmegi zerur» diýip belledi.

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi bu sammitiň geçirilmegi bilen «Afrikanyň we dünýä niň abadançylygy üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşde halkara tagallalarynda düýpli öwrülişik bolar» diýip umyt bildirdi.

2022-nji ýylyň 6-njy noýabryndan 18-nji noýabry aralygynda Şarm-el-Şeýhde geçirilen bu maslahata dürli ýurtlardan 40 müňe golaý wekil, döwlete degişli däl guramalaryň wekilleri,bilermenler we žurnalistler geldi.

COP-26-nyň meselesine Prezident Alok Şarma başlyklyklygynda  Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukrä geçirýändigini yglan etdi. Ol dabarada eden çykyşynda howanyň üýtgemeginde hereketsizligiň agyr netijelerini belläp, bu ugur da aýgytly hereketleriň zerurdygyny aýtdy.

COP-27-niň meselesi bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň iň möhümi, dünýä liderleriniň sammiti bolup, 2022-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda döwlet we hökümet Baştutanlary «milli ýüzlenmeler» bilen çykyş etdiler.

Liderler çykyşlarynda öz ýurtlarynyň häzirki ekologiýa ýagdaýy, tebigy ätiýaçlyklaryny tygşytlamak, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, «ýaşyl» energiýa, şeýle-de, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri niň öňüni almak boýunça maksatnamalarynda garyp ýurtlara gönükdirilýän maliýe goldawlary baradaky maksatnamalaryny beýan etdiler.

Sammite Ýewropa Liderlerinden Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni, gatnaşdy.

Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň wekiliýetine Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbun, Iordaniýanyň Patyşasy Abdalla II, Yragyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy Mohammed bin Salman Al Saud ýolbaşçylyk etdi.

Geçirilen  maslahata gatnaşyjylaryň öňünde durýan esasy meseleleriň biri hem maliýe meseleleri bolup durýar.

Ösen ýurtlar maliýe we energiýa çökgünliklerinde ösýän ýurtlaryň howasynyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşde goldaw bermek üçin ýylda 100 milliard dollar wadasyny nädip berjaý etmelidigine degişli meseleleri çözmek üçin seredildi.

Mundan başga-da, geçirilen bu maslahatyň esasy gün tertibine ýyladyşhana gazlaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly çäreleri işläp düzmek ýaly  meseleler girizildi.

Howa boýunça ilkinji Bütindünýä sammiti 1995-nji ýylda Germaniýanyň Berlin şäherinde  guralyp, şondan bäri her ýyl geçirilýär.

Bu maslahat Afrika, Aziýa, Latyn Amerikasy, Karib deňzi we Ýewropa ýurtlarynyň şäherleriniň birinde gurnalýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 

Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy,

Geňeşiň başlygy Rahmandurdy Rahmanow.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.