- TM
- RU
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 2022-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Hytaýyň paýtagty bolan Pekin şäherinde Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Lideri federal Kansleri Halk ýygnagy öýünde (mejlisde) kabul etdi. Şol duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda, hytaý-german gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň möhüm we wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin duşuşygyň dowamynda hytaý-german döwletleriniň arasynda has ýygjam gatnaşyklarynyň zerur we möhüm bolup durýandygyny aýratyn belledi.
– Häzirki wagtda täsirli ýurtlar hökmünde Hytaý we Germaniýa dünýä parahatçylygyna we ösüşine uly goşant goşmak maksady bilen özara tagallalaryny birikdirip, has-da çynlakaý işlemeli – diýip, Si Szinpin belledi. Olaf Şols hem öz gezeginde, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşyk geçirmegine döredilen mümkinçilige oňyn baha berip, özüniň Hytaýa saparynyň döwletara gatnaşyklarynyň netijeli özara hereketleriniň ösdürilmegine we artdyrylmagyna täze depgin berjekdigine ynam bildirdi.
Geçirilen bu duşuşykda hytaý-german ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ugurlary, şeýle hem iki ýurduň dürli ugurlar boýunça garaýyşlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar, howanyň üýtgemegi niň ýaramaz netijelerine garşy göreş we beýleki global meseleler maslahatlaşyldy. Olaf Şolsuň häzirki sapary Germaniýanyň Kansleriniň 2021-nji ýylda wezipesine girişeli bäri Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparydyr.
Bilermenler Şolsuň saparynyň Hytaý Halk Respublikasy bilen Germaniýanyň arasyndaky özara halkara we döwletara gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygy barada bellediler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Geňeşiniň tehniki gözegçisi Yhlas Ymamgulyýew.