Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

UÇGUNDAN DÖRÄN KEŞPLER

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ýurdumyzyň çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly bäsleşik reňk we galam bilen surat çekmek ugurlary boýunça geçirildi. Surat bäsleşigi mynasybetli ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa nakgaşlary, grafikaçy suratkeşleri çykyş edip, ýurdumyzyň çeperçilik, sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken işlerine mynasyp baha berdiler.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda oňa hödürlenen işler sungat ojagynda sergilendi we giň halk köpçüligine ýetirildi. Bäsleşigiň temasyna laýyklykda, akwarel we grafiki usulda çekilen eserlerde ýangyn howpsuzlygy gullugynyň alyp barýan işleri görkezilýär. Eserlerde ýangyn hadysasy, ot-alaw dörände ondan baş alyp çykmagyň ýollary terbiýeçilik ähmiýetli keşplerde şöhlelenýär.

Eminler toparynyň çykaran netijesine görä, galam bilen surat çekmek ugry boýunça 1-nji orna Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Leýli Şöhradowa, Baýramaly şäheriniň Zelili adyndaky çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Magtymguly Agajanow, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülsere Şamyradowa hem-de şol mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meňli Şamyradowa, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Daýançmyrat Nurýagdyýew, Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Jeren Akyýewa dagy mynasyp boldy.

Reňk bilen surat çekmek ugry boýunça 1-nji orna Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Jumagül Hudaýnazarowa, Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Ýazsoltan Taňňyýewa, 2-nji orna Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Allaberdi Orazmämmedow, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ogulşat Hanowa, 3-nji orna Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Güljahan Orazmämmedowa hem-de Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aman Möwlamow mynasyp boldular.

Ýeňijiler bäsleşigi guran Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Medeniýet ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Ýangyn-amaly sport federasiýasy tarapyndan Hormat hatlarydyr sowgatlar bilen sylaglandy. Goý, ýeňijileriň ylham uçgunlary hemişe alawlap dursun!

 

Guwanç MÄMIÝEW.

"Türkmenistan" gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.