Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DOST-DOGANLYGYŇ KÄMIL ÝOLY

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ründe ru­hu­be­lent hal­ky­my­zyň joş­gun­ly ga­dam­la­ry­ has-da rowaçlanýar. Bu ýol­lar­da dost­luk­ly ýurt­lar bi­len hoşniýetli hyz­mat­daş­ly­ga uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çil­ýän men­zil­ler aý­dyň gör­kez­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň alyp bar­ýan oňyn sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li we ok­gun­ly ös­ýän döw­let hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gyn­dan ny­şan­dyr.

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da me­de­ni gat­na­şyk­lar ar­ka­ly dün­ýä halk­la­ry­nyň kalp­la­ry­na ýol sa­lyn­ma­gy ýö­rel­gä öw­rül­di. Her bir hal­kyň kal­by­na na­zar aý­la­jak bol­saň, onuň asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den mil­li gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­mak hem ýe­ter­lik­dir. Ahalte­ke aty­myz, ala­baý iti­miz, gö­zel ha­ly­la­ry­myz, şi­rin owaz­ly du­ta­ry­myz, gaý­ta­lan­ma­jak öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan şaý-sep­le­ri­miz — bu­la­ryň äh­li­si türk­men kal­by­nyň gör­ka­na­ly­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Bu gün­ki gün bu mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz dün­ýä çyk­ýar. Ola­ryň her bi­ri­ni hal­ky­myz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne ýe­ti­rip­dir. Ta­ry­hy, me­de­ni, ru­hy kök­le­ri bir bo­lan türk­men hem-de öz­bek halk­la­ry­nyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry öz göz­ba­şy­ny örän ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar.

Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1993-nji ýy­lyň 7-nji few­ra­lyn­da ýo­la go­ýul­dy. 2010-njy ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len dost­luk fes­ti­wa­ly asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ryn­da­ky hoş­ni­ýet­li­li­giň, raý­daş­ly­gyň be­lent da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy. Şu gün­ki gün­de ýe­ňil se­na­gat, ma­şyn­gur­lu­şyk, ne­bit­hi­mi­ýa, oba ho­ja­ly­gy we gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri ýa­ly ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn şert­na­ma­la­ryň 194-si bel­li­ge alyn­dy. Ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lan iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy — Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan — Ga­za­gys­tan — Hy­taý ug­ry bo­ýun­ça gaz ge­çi­ri­ji tas­la­ma­sy bar. Ür­genç şä­he­rin­de Türk­men-öz­bek dost­luk öýü­niň açyl­ma­gy döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­ma­gyn­da uly orun eýe­le­di. Şu ýy­lyň 13-nji iýu­lyn­da Bu­ha­ra­da bi­rin­ji Türk­men-öz­bek se­bit fo­ru­my, Işe­wür­lik ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.

Öz­be­gis­tan BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň bi­ziň döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan öňe sür­len 17 Ka­rar­na­ma­sy­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­di, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň meý­dan­ça­syn­da dö­re­di­len Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na gat­na­şy­jy bo­lup dur­ýar. Aş­ga­bat­da­ky «Daş­kent» se­ýil­gä­hi­niň we Daş­kent­dä­ki «Aş­ga­bat» se­ýil­gä­hi­niň türkmen-özbek dost­lu­gy­nyň hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy­nyň aý­dyň ny­şan­la­ry bo­lan­dyk­la­ry­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak ze­rur.

Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew il­kin­ji da­şa­ry ýurt sa­pa­ry­ny bi­ziň ýur­du­my­za ama­la aşy­ryp­dy. Çün­ki hal­ky­myz­da «Ýer al­ma, goň­şy al» di­ýen da­na pä­him bar. Bir se­bi­tiň ho­wa­syn­dan dem alyp, bir der­ýa­nyň su­wun­dan iç­ýän goň­şy Öz­be­gis­tan bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­myz öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Türk­men hal­ky­nyň dost­lu­ga sar­pa­sy aý­ra­tyn­dyr. Bu ta­ry­hy ha­ky­kat. Hal­ky­myz öz dos­tu­na ýü­re­gi­niň tö­rün­den orun ber­ýär.

Ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da bag­la­şy­lan ser­het­ýa­ka Türk­men-öz­bek söw­da zo­la­gy­ny dö­ret­mek we onuň işi­ni düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­gyň esa­syn­da we­la­ýa­ty­my­zyň çä­gin­de Türk­men-öz­bek söw­da mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi bu iki hal­kyň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­na ýar­dam eder.

Iki hal­kyň me­de­ni gat­na­şyk­la­ry aý­ra­tyn or­na eýe­dir. Türk­men we öz­bek bag­şy­la­ry en­çe­me asyr­lar bä­ri bi­ri-bir­le­ri bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lup, iki do­gan­lyk hal­kyň aý­dym­la­ry­nyň iki halk üçin hem hut özü­niň­ki ýa­ly ka­bul edil­me­gi­ni ga­za­nyp­dyr­lar. Meş­hur aý­dym­çy­ Ka­mil­jan Ata­ny­ýa­zo­wyň Türk­me­nis­ta­nyň hem Öz­be­gis­ta­nyň halk ar­tisti bol­ma­gy diý­seň buý­sanç­ly­dyr.

Ha­wa, öz­bek do­gan­la­ry­my­zyň ýü­rek­le­riň bir­li­gin­den göz­baş alyp gaýd­ýan kal­ba ýa­kyn saz­la­ry, aý­dym­la­ry bar. Öz­be­gis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si Ozod­bek Na­zar­be­ko­wyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň söz­le­ri­ne «Leý­li­saç ba­ra­da ro­wa­ýat», Öz­be­gis­ta­nyň ýyl­dy­zy ha­sap­lan­ýan Ýul­duz Us­ma­no­wa­nyň «Kal­bym­da sen» ýa­ly aý­dym­la­ry ýo­ka­ry us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­ýär.

Türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry be­ýik şah­sy­ýet­le­riň at­la­ry bi­len-de berk bag­ly­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem-de Aly­şir No­wa­ýy ýa­ly be­ýik us­sat­la­ryň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan çä­re­ler hem halk­la­ry je­bis­leş­dir­ýär. Daş­kent­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­niň açyl­ma­gy, Öz­be­gis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň ka­ra­ry esa­syn­da öz­bek paý­tag­ty­nyň mer­ke­zi kö­çe­le­ri­niň bi­ri­ne şa­hy­ryň ady­nyň da­kyl­ma­gy, şa­hy­ryň saý­la­nan eser­le­ri­niň «Ile ba­gyş eý­le» di­ýen at bi­len öz­bek di­lin­de ne­şir edil­me­gi, şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Çaý — mel­hem hem yl­ham», «Me­de­ni­ýet hal­kyň kal­by­dyr», «Bag­ty­ýar­lyk sag­lyk­dan baş­lan­ýar» at­ly ki­tap­la­ry­nyň öz­bek di­lin­de ne­şir edil­me­gi türk­men hal­ky­nyň ru­hy mi­ra­sy­na çuň­ňur hor­mat go­ýul­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

«Şir­ga­zy» med­re­se­si ba­ra­da gür­rüň açy­lan­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ha­ky­da­ňa gel­jek­di­gi ikuç­suz­dyr. Çün­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy Hy­wa­da, Bu­ha­ra­da bi­lim alyp­dyr. Be­ýik söz us­sa­dy­myz «Gö­zel Şir­ga­zy» şyg­ryn­da öz bi­lim alan med­re­se­si­ni:

Da­ýym unut­maz men tyl­la ga­py­syn,
Gi­der bol­dum, hoş gal, gö­zel Şir­ga­zy! —

di­ýip wasp edip­dir.

Türk­men hal­ky öz­bek hal­ky­nyň sun­ga­ty­na, me­de­ni­ýe­ti­ne, ede­bi­ýa­ty­na uly sar­pa goý­ýar. Meş­hur Aly­şir No­wa­ýy öz­bek hem-de türk­men hal­ky­nyň deň de­re­je­dä­ki söý­gü­li şa­hy­ry­dyr. Ta­ry­hy çeş­me­le­re gö­rä, No­wa­ýy Ma­ru-Şa­hu Ja­han­da bir­nä­çe ýyl ýa­şap­dyr. Bu şa­hyr ba­ra­da türk­men halk dö­re­di­ji­li­gin­de en­çe­me ro­wa­ýat­lar bar. Mun­dan baş­ga-da, türk­me­niň du­ta­ryn­da No­wa­ýy per­de­si bar.

Hä­zir­ki dö­wür­de hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryn­da bu iki ýur­duň alyp bar­ýan sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­de­dir. Şun­da iň ýo­ka­ry de­re­je­de yzy­gider­li ama­la aşy­ryl­ýan öza­ra sa­par­la­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň al­tyn güý­zü­niň aja­ýyp gün­le­rin­de do­gan­lyk Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni­ýet-sun­gat us­sa­tla­ry duz-çö­rek bi­len gar­şy­lan­ýar. We­la­ýa­ty­my­zyň «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Türk­men we öz­bek halk­la­ry­nyň dost­luk fes­ti­wa­ly ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de açyl­ýar. Şol ýer­de iki do­gan­lyk ýur­duň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bo­lar. Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky we­la­ýat saz­ly-dra­ma teat­ryn­da sah­na oýun­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­byň «Al­tyn ýol» ge­ňeş­li­gi­niň Me­de­ni­ýet öýün­de iki do­gan­lyk hal­kyň ki­no sun­ga­ty­nyň gör­ke­zi­li­şi gu­ra­lar. Türk­men we öz­bek dost­luk fes­ti­wa­ly dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na ýar­dam eder.

Ha­wa, sun­gat — ja­dy­ly dün­ýä. Adam sun­ga­tyň üs­ti bi­len ýü­re­gi­ni aç­ýar. Bu gün­ki gün mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýaý­mak bi­len, medeni gatnaşyklarymyzy has-da ösdürýäris. Türk­men we öz­bek dost­luk fes­ti­wa­ly hem şeý­le so­gap­ly iş­le­riň bi­ri bo­lup, ha­ky­da­lar­da he­mi­şe­lik ga­lar.

Halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilýändigine Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýan da­ba­ra­lar şa­ýat­lyk edýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň alyp bar­ýan oňyn sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň dur­nuk­ly we ok­gun­ly ös­ýän döw­let hök­mün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gyn­dan, ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry bi­len hal­ka­ra bi­le­le­şi­ge has do­ly açyl­ýan­dy­gyn­dan ny­şan­dyr.

Şeý­le aja­ýyp döw­ri peş­geş be­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun, beýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

 

Aşyr­dur­dy AL­LA­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy.

“Mugallymlar” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.