Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEREKET-BOLÇULYGYŇ BAÝRAMY

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Hasyl toýy giňden toýlandy. Bereket-bolçulygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň toý dabaralary welaýatymyzda şatlyk-şowhuna beslendi.

AK BUGDAÝ. Etrabyň Gämi oba Medeniýet öýünde Hasyl toýy mynasybetli geçirilen dabara etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi tarapyndan bilelikde guralyp, oňa zähmetkeşleriň uly topary gatnaşdy.

Baý many-mazmunly sergi dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Oba hojalygynda gazanylýan üstünlikleri açyp görkezýän sergi ünsi çekiji boldy. Milli el işleriniň we amaly-haşam sungatynyň, şeýle-de kitap sergileri bu ýere özboluşly bezeg çaýdy.

Etrabyň Medeniýet öýüniň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna utgaşan dabara egsilmez ruhubelentlige beslendi. Sungat çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň joşgunly waspy öz beýanyny tapdy.

Dabaranyň barşynda tejribeli kärendeçilerdir jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösüşiň belent derejelerine çykarmakda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.

 

Baýramsoltan MYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

“Ahal durmuşy” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.