Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BUÝSANJYMYZ ÇÄKSIZDIR

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilendigi bilen baglanyşykly habary eşidip, göwün guşumyz ganatlandy. Bu şatlykly habar gadymy şäheriň — Änewiň şan-şöhratynyň alyslara dolýandygynyň alamatydyr.

Änew şäherine welaýatymyzyň her bir ýaşaýjysy buýsanýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda welaýatymyzyň edara ediş merkezi bolup gelmek bilen, gözümiziň alnynda özgerýär. Häzirki wagtda Änew şäheri gurluşyk meýdançasyny ýada salýar. Ol ýerde ýaşaýyş jaýlaryň onlarçasynyň, şeýle-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Bu zatlar şäheriň çalt depginde ösmegine we döwrebap keşbe beslenmegine ýardam edýär.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy künjegiň taryhyny çuňňur öwrenmekde we dünýäde giňden wagyz etmekde hem ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň barha özgermegi we abraý-mertebesiniň arşa galmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna her birimiziň buýsanjymyzyň çägi ýokdur.

 

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.

“Ahal durmuşy” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.