Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ TERTIPNAMALAÝYN IŞLERINI KÄMILLEŞDIRMEK” ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat  işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn işlerini kämilleşdirmek”  atly  okuw maslahaty geçirildi.

Geçirilen bu okuw maslahatyna Aşgabat şäherindäki kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji  guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň beýleki işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri-baş buhgalteri Kakageldi Bugraýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri  bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň baş hukuk gözegçisi Hydyr Gurbanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi derňew toparynyň baş derňewçisi Rahman Çaryýew dagylar çärä gatnaşdylar. Çykyş edenler Aşgabat şäherindäki kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji  guramalarynyň başlyklaryna, gaznaçylaryna hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň beýleki işjeň agzalaryna Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň esasy ýörelgeleri, kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň we olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklaryny we işleriniň kepilliklerini kesgitleýän, V bapdan ybarat bolan we 26 maddany öz içine alýan “Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplary hem-de düzgünleri, Kärdeşler arkalaşygynyň birleşmeleri, Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn wezipeleri we işleri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnamanyň talaplary, Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklary we borçlary, Kärdeşler arkalaşygynyň iş berijiler, olaryň birleşikleri bilen gatnaşygy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ygtyýarlyklary, Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy, Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň kepillikleri, maliýe-ykdysady, durmuş we Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ygtyýarlyklaryna we amala aşyrýan işleri bilen bagly beýleki degişli meseleler barada täsirli we gyzykly çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.