Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR

18-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.

Mustafa Şentop Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň aýdan hoşniýetli sözlerini we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçy düzümi Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz gezeginde, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy we Türkiýe Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolan ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz iki halkyň dininiň, diliniň, taryhy kökleriniň umumydygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Mustafa Şentopyň Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde we duşuşyklarynda kanunçylyk ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirjekdigine ynam bildirdi.

Soňra duşuşyk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň wekilleriniň hem-de Türkiýäniň parlament wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Duşuşygyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop söz sözlediler.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana amala aşyran saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Watanyna ugrady.

* * *

Şeýle-de 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyny hem-de deputatlaryny 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.

 

«Watan».

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.